Futbol boýunça dünýä çempionaty 1934
From Wikipedia, the free encyclopedia
Futbol boýunça ikinji çempionat 1934-nji ýylyň 27-nji maýy- 10-njy iýuny aralygynda Italiýada geçirildi.
FUTBOL BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY-1934 | |
Bäsleşigiň sany: | 2-nji |
---|---|
GYSGAÇA | |
Kabul edýän ýurt: | Italiýa |
Senesi: | 27 maý - 10 iýun. |
Toparlaryň sany: | 16 |
Meýydança(lar): | 8 |
SOŇKY WEZIPELER | |
Çempion: | Italiýa |
Ikinji orunda: | Çehislowakiýa |
Üçunji orunda: | Germaniýa |
Dördünji orunda: | Awstriýa |
STATISTIKA | |
Oýunlar: | 17 |
Maksatlary: | 70 (4.12) |
Gatnaşmak: | 363.000 (21.353 oýun bilen) |
Netijeli hüjümçi: | Oldrzitz Nejedlý (5 gol) |
Öňki | Indiki |
1930《 | 》1938 |
Bu çempionat Ýewropada geçirilen ilkinji çempionatdyr. Bu çempionada 32 döwlet gatnaşmak isläp, teklip ugratdy. Döwletleriň örän köp bolmagy sebäpli ilkinji gezek Dünýä çempionatynda utulan çykdy (play-off) geçirildi. Soňky çempion Urugwaý Ýewropalylar hem biziň çempionadymyza gelmändi diýip ýaryşa gatnaşmady, elbetde beýleki Demirgazyk we Günorta Amerikaly döwletlere aranyň daş bolmagy sebäpli gitmek kyn boldy. Şonuň üçin Amerika materiklerinden örän az döwlet çempionatda çykyş etdi. Ondan başga hem bu çempionata Angliýa, Şotlandiýa, Demirgazyk Irlandiýa we Ueýls döwletleri gatnaşmadylar.
Öý eýesi Italiýa Gresiýa bilen utulan çykdy oýnady bu taryhda ilkinji gezekdir.(öý eýeleri utulan çykdy oýnamaýarlar). Bu çempionada 11 sany emin gatnaşdy. Olaryň iň yaş emini 28 yaş 224 gün ömürli Iwan Eklind-di.