Gyrgyzystan
From Wikipedia, the free encyclopedia
Gyrgyzystan (gyrg. Кыргызстан), Aziýa'da bir döwlet.
| |||||
Paýtagt | Bişkek | ||||
Prezident | Sadyr Japarov | ||||
Dil | Gyrgyz | ||||
Gimn | Gyrgyzystan respublikasynyň döwlet gimni | ||||
Meýdany | 199.900 km² | ||||
Ilat – ilat/km² |
5.264.000 26/km² | ||||
Garaşsyzlyk | 25 Avgust 1991 | ||||
Pul | Gyrgyz sum | ||||
Wagt | UTC +6 | ||||
Telefon kod | 996 | ||||
Internet TLD | .kg |
1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Gyrgyzystan demirgazykda Gazagystan, günbatarda Özbegistan, günortada Täjigistan, günorta-gündogarda Hytaý bilen serhetleşýändir.
Döwletiň tutýan meýdany 198 500 inedördül kilometr bolup, ilaty 6,598,944 adamdyr . Ilatyň 64,9 % gyrgyzlar, 13,8%, özbekler, 12,5% ruslardyr.
Gyrgyzystanyň topraklarynyň 65%-ini Týan-şan daglary tutýandyr. Bu döwletde ýerleşýän Yssyk-köl dünýäde ululygy boýunça Titikakadan soňra ikinji dag kölüdir.
Gyrgyzystanyň esasy şäherleri we welaýatlary: Bişkek (öňki ady Frunze), Batken (merkezi Batken), Çu (merkezi Tokmok), Jelal-abad (merkezi Jelal-abad), Naryn (merkezi Naryn), Oş (merkezi Oş), Talas (merkezi Talas), Yssyk-köl (merkezi Karakol).
Paýtagty Bişkek bolup, 1825-nji ýylda Kokant hanlygy tarapyndan Bişkek sebitinde gala hökmünde gurlandyr. Bişkek 1922-nji ýylda Daglyk oblastynyň merkezi, 1924-nji ýylda Gyrgyz Awtonom oblastynyň paýtagty bolupdyr. 1926-njy ýylda şäheriň ady Frunze (Bolşewik serkerdesi M. Frunze Bişkekde doglupdyr) diýlip üýtgedilipdir. 1991-nji ýylda şähere taryhy ady gaýtarylyp berlipdir. 2000-nji ýyldan başlap Oş şäheri döwletiň günorta paýtagtydyr.
Gyrgyzystanyň milli pul birligi somdur.