Iňlis dili
From Wikipedia, the free encyclopedia
Iňlis dili (english,the english language): Angliýanyň we Beýik Britaniýanyň resmi dili, ABŞ-nyň otuz bir ştatynyň resmi dili, Irlandiýanyň, Kanadanyň we Maltanyň resmi iki diliniň biri, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň resmi dili. Ol Aziýanyň käbir döwletinde (Hindistan, Päkistan we beýlekiler) resmi dil hökmünde ulanylýar.
Hindi-ýewropa diller maşgalasynyň german diline degişli. Ene dili hökmünde ulanyjylaryň sany 410 milliona golaý, ikinji dili hökmünde gürleýänler hem 1 milliard töweregi. BMG-niň alty resmi we iş dilleriniň biri.
Şu diliň leksikasynyň 70 göterimi alynma sözlerdendir. Ýazuwy latyn elipbiýsiniň esasynda VII asyrdan bäri dowam edip gelýär. Dürs ýazuwynda däbe öwrülen ýazuw esasy orun eýeleýär.
Uly harplar | |||||||||||||||||||||||||
A | B | C | D | E | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | P | Q | R | S | T | U | V | W | X | Y | Z |
Kiçi harplar | |||||||||||||||||||||||||
a | b | c | d | e | f | g | h | i | j | k | l | m | n | o | p | q | r | s | t | u | v | w | x | y | z |